Türkmenistanda döwlet edaralarynyň maliýe meseleleri boýunça işgärleri hünär synaglaryny tabşyrdylar

  • 26.02.2022 17:41
  • 5.1k+

25-nji fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow döwlet düzümlerinde ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň maliýe-ykdysady meseleleri boýunça orunbasarlarynyň, degişli müdirlikleriň başlyklarynyň we baş hasapçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen hünär synagynyň netijeleri hakynda hasabat berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ähli döwlet düzümleriniň işiniň ýokary sowatlylyk derejesinde guralmagynyň wezipeli adamlaryň dolandyryş işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagyna baglydygyny belledi.

Şunda ähli hünärmenleriň işine yzygiderli esasda gözegçilik etmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň derejesini ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler işlenip taýýarlanylmalydyr diýip, türkmen Lideri nygtady we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


düýn 19:01
1k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

13.05.2026 22:54
2k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
5.4k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
12k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......