Türkmenistany 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça maksatnama taýýarlanylýar

  • 20.02.2022 02:05
  • 34k+

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi degişli ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary we halkara guramalar bilen bilelikde Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny işläp taýýarlady.

18-nji fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer S.Toýlyýewiň belleýşi ýaly, bu maksatnama temmäkiden azat ýurt hukuk derejesini kesgitlemek boýunça milli standarty döretmäge, bu babatda syýasatyň alnyp barlyşyna we kanunlaryň ýerine ýetirilişine aýratyn üns bermek bilen temmäkä garşy göreşmek ulgamyny berkitmäge, ilatyň arasynda temmäki önümlerine bolan islegi azaltmaga hem-de temmäkini ulanmagyň ýaramaz täsirleri barada ilatyň habardarlyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şeýle hem temmäkiniň ulanylmagyny bes etdirmäge we nikotine baglylygy bejermäge gönükdirilen lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini ýokarlandyrmak hem-de milli we halkara derejede temmäkä garşy göreşmegiň tarapdarlary bilen hyzmatdaşlygy berkitmek ilkinji nobatdaky wezipeleriň hataryna girizildi.

Türkmen Lideri degişli Karary taýýarlamak barada hödürlenilen teklibi makullady.

düýn 19:01
1k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

düýn 18:54
3.4k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
2k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
5.4k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......