«Ýylyň iň gowy awtomobili – 2022» bäsleşiginiň finalçylary belli boldy

  • 13.02.2022 10:16
  • 10k+

Ýewropanyň “Ýylyň iň gowy awtomobili” (Car of the Year 2022) bäsleşigini gurnaýjylar finalçylaryň gysga sanawyny neşir etdiler.

APA agentligine salgylanyp, Day.Az-yň habar bermegine görä, dünýäde iň gowy awtomobil ady ugrunda 10 sany täze model bäsleşer.
Ýagny, bäsleşigiň finalyna Audi G4 e-tron, Cupra Formentor, Ford Mustang Mach-E, Genesis G70, Honda Civic, Hyundai Ioniq 5, Hyundai Tucson, Kia EV6, Lexus NX, Toyota GR86 / Subaru BRZ modelleri çykdy.
Emin agzalary goşmaça bäş bäsleşigiň finalçylaryny hem kesgitlediler. “Iň gowy şäher awtomobili” nominasiýasynda Dacia Sandero, Opel Mokka, Renault Kiger, Toyota Yaris Cross we Volkswagen Taiga modelleri görkezilýär. Audi Q5 Sportback, BMW iX, Genesis GV70, Mercedes-Benz EGS we Volvo C40 Recharge bolsa “Iň gowy lýuks model” ady ugrunda bäsleşerler.
“Iň gowy sport awtomobili” nominasiýasynda Audi e-tron GT, BMW M3/M4, Porsche 911 GT3, Toyota GR86 / Subaru BRZ we Volkswagen Golf GT/R modelleri, “Iň gowy “ýaşyl” awtomobil” nominasiýasynda bolsa Audi e-tron GT, BMW iX, Ford Mustang Mach-E, Hyundai Ioniq 5 we Mercedes-Benz EGS bar.
Mundan başga-da, “Iň gowy dizaýn” kategoriýasynda ýeňiş üçin Audi e-tron GT, Ford Mustang Mach-E, Hyundai Ioniq 5, Kia EV6 we Mercedes-Benz EGS bäsleşer.
Bäsleşigiň emin agzalarynyň düzümine dünýäniň dürli ýurtlaryndan 102 awtoulag žurnalisti girýär. Ýeňijiler 2022-nji ýylyň 13-nji aprelinde Nýu-Ýorkdaky awtosalonda yglan ediler.

düýn 14:38
3.5k+

Sowadyjyly we massaž edýän hytaý miniwenine iki günde 8 müňden gowrak sargyt gelip gowuşdy

Hytaýyň awtoulag öndüriji Arcfox kompaniýasy öňünden sargytlar açylandan soňky ilkinji 48 sagadyň dowamynda Wendao V9 miniweni üçin 8 müňden gowrak sargyt alandygyny mälim etdi. ...

düýn 11:11
3.1k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....

düýn 07:27
4.5k+

BMW adaty 220 adamlyk uçary lýuks «myhmanhana» öwürdi

BMW awtomobil dizaýnynyň çäginden çykyp, indi awiasiýa pudagynda lýuks ülňülerini ornaşdyrmaga girişýär: kompaniýanyň BMW Designworks bölümi Lufthansa Technik bilen bilelikde «The BOW» konseptini – uçar......

13.05.2026 23:24
2.5k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......