Türkmen-koreý diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygy Seulda bellenildi

  • 08.02.2022 01:02
  • 2.9k+

7-nji fewralda Seul şäherinde Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli «tegelek stol» maslahaty geçirildi. 

Türkmenistanyň dostlukly ýurtdaky ilçihanasy tarapyndan guralan çärä Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Ýewraziýa departamentiniň direktorynyň orunbasary, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň Baş direktorynyň orunbasary, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» Dostluk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy we Seulda okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Maslahatyň başynda oňa gatnaşyjylara türkmen-koreý hyzmatdaşlygynda ýetilen sepgitlere hem-de ýurdumyzyň gazanan üstünliklerine bagyşlanan wideorolik görkezildi. Bu ýerde edilen çykyşlarda iki ýurduň Liderleriniň tagallasy esasynda soňky ýyllarda has depginli ösdürilýän Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlar boýunça gatnaşyklaryň ýokary derejesi aýratyn nygtaldy. 


düýn 15:42
855

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......

düýn 15:09
891

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

düýn 08:12
1.7k+

Türkmenistanyň Ilçisi Moldowa Respublikasynyň DIM-iniň Döwlet sekretary bilen duşuşdy

28-nji aprelde Kişinýewde iş sapary bilen bolan Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Ilçisi T.Ataýew (oturýan ýeri Kiýew şäheri) Moldowanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary S.Mihow we......

düýn 07:36
880

Müsür Arap Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

28-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýew bilen Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Hamdy Şaaban Abdelhalim......