Daşoguzda bolan türkmen Lideri energetika meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi

  • 21.01.2022 08:28
  • 8.7k+

20-nji ýanwarda Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynda ýerleşýän Balkan — Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň gurluşyk meýdançasynda bolmagynyň çäklerinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde ýurdumyzyň energetika ulgamynyň pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Energetika ministrliginiň welaýat düzümleriniň hünärmenleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Häzirki wagtda türkmen elektrik energiýasy goňşularymyz bolan Eýran Yslam Respublikasyna we Owganystana, Özbegistan hem-de Gyrgyz Respublikalaryna iberilýär. Şonuň ýaly-da, ony Özbegistanyň hem-de Eýranyň üsti bilen üçünji ýurtlara-da ibermegiň mümkinçiligi uly bolup durýar diýip, türkmen Lideri maslahatda aýtdy.

Kuwwatlylygy 254 megawatdan hem köp bolan Daşoguz döwlet elektrik stansiýasynyň öndürýän energiýasy welaýatyň sarp edijilerinden daşary beýleki ýurtlara hem iberilýär. Sebitde durmuşa geçirilýän özgertmeler bilen bagly, geljekde bu elektrik stansiýasyny-da ýönekeý dolanyşykdan utgaşdyrylan bug-gaz dolanyşygyna geçirmek göz öňünde tutulýar.

Bellenilişi ýaly, Ahal — Balkan — Daşoguz we Ahal — Mary ugurlary boýunça ýokary woltly elektrik geçirijileriň we beketleriň doly derejede gurulmagy energoulgamyň ygtybarly hereketini üpjün eder. Şunuň bilen baglylykda, bu taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ugry 2021-nji ýylda ulanmaga berildi. Energoulgamyň Balkan — Daşoguz ugry boýunça ikinji tapgyrynda gurluşyk-gurnama işleri ýerine ýetirilýär. Bu ugruň Garagum sährasynyň içi bilen geçýändigini nazara alanyňda, ägirt uly işleriň ýerine ýetirilmeli boljakdygyny aňladýar. Şonuň üçin Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçirijileriň we beketleriň gurluşygynyň maksatnamasyny taýýarlamaga möhüm ähmiýet berilýär.


düýn 19:38
4.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.6k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......