FIFA/FIFPro boýunça ýylyň simwoliki toparyna girmäge dalaşgär oýunçylar yglan edildi

  • 16.12.2021 07:22
  • 13k+

Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) we Halkara Professional Futbol Assosiasiýasy (FIFPro) boýunça ýylyň toparyna girmek üçin dalaş edýän oýunçylaryň sanawy belli boldy. Bu barada FIFPro-nyň web sahypasyna salgylanyp, matchtv.ru habar berdi.

23 sany dalaşgäriň hataryna şu aşakdaky oýunçylar girdi:

derwezebanlar - Alisson (Braziliýa, "Liwerpul"), Janluiji Donnarumma (Italiýa, "Milan"/"PSŽ"), Eduar Mendi (Senegal, "Çelsi");

goragçylar - Dawid Alaba (Awstriýa, "Bawariýa"/"Real"), Jordi Alba (Ispaniýa, "Barselona"), Trent Aleksander-Arnold (Angliýa, "Liwerpul"), Dani Alwes (Braziliýa, "Sao Paulo"/ "Barselona"), Leonardo Bonuçi (Italiýa, "Ýuwentus"), Ruben Diaş (Portugaliýa, "Mançester Siti");

ýarymgoragçylar - Serhio Buskets (Ispaniýa, "Barselona"), Frenki De Ýong (Niderlandlar, "Barselona"), Kewin De Bruýn (Belgiýa, "Mançester Siti"), Bruno Fernandeş (Portugaliýa, "Mançester Ýunaýted"), Žoržinýo (Italiýa, "Çelsi") we N'Golo Kante (Fransiýa, "Çelsi");

hüjümçiler - Karim Benzema (Fransiýa, "Real"), Kriştianu Ronaldu (Portugaliýa, "Ýuwentus"/"Mançester Ýunaýted"), Erling Holland (Norwegiýa, Dortmundyň "Borussiýasy"), Robert Lewandowski (Polşa, "Bawariýa"), Romelu Lukaku (Belgiýa, "Inter"/"Çelsi"), Lionel Messi (Argentina, "Barselona"/"PSŽ"), Neýmar (Braziliýa, "PSŽ"), Kilian Mbappe (Fransiýa, "PSŽ").

Simwoliki topara iň köp ses alan bir derwezeban, üç goragçy, üç ýarymgoragçy we üç hüjümçi girer. “Ýylyň toparyndan” ýene bir ýer galanlaryň arasynda iň köp ses alan meýdan futbolçysyna berler.

"Ýylyň topary" FIFA-nyň 17-nji ýanwarda geçiriljek baýrak gowşurylyş dabarasynda yglan ediler.


düýn 18:26
2.2k+

FIFA 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň baýrak gaznasyny $871 mln çenli artdyrdy

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň baýrak gaznasyny 15% artdyryp, tölegleriň umumy möçberini 871 million dollara ýetirmek barada çözgüt kabul etdi....

düýn 11:46
4.2k+

Ýewropa we Konferensiýalar Ligasy: Emeriň emeli ýetmedi, Sarr oýlanmaga-da maý bermedi

Ýewropa Ligasynyň ýarym finalynyň ilkinji oýunlarynda «Nottingem Forest» az-owlak tapawut bilen «Aston Willany» ýeňdi, Portugaliýanyň «Bragasy» bolsa soňky minutlarda Germaniýanyň «Fraýburgyna» aman diletdi.......

30.04.2026 10:10
6.1k+

ÇL-iň 1/2 finalynda «Atletiko» — «Arsenal» duşuşygynyň ykbalyny iki penalti çözdi

«Atletiko» we «Arsenal» toparlarynyň UEFA Çempionlar ligasynyň ýarymfinal garşydaşlygynda birinji oýun 1:1 hasaby bilen tamamlandy. Madridde geçirilen duşuşykda iki topar hem gollaryny penaltiden urmagy......

29.04.2026 09:59
6.7k+

ÇL-iň ýarymfinaly: «PSŽ» bilen «Bawariýa» 9 golly dartgynly oýun görkezdiler

Pariźdäki «Park-de-Prens» stadionynda «PSŽ» we «Bawariýa» jemi dokuz gol urulmagy bilen tamamlanan dartgynly oýun görkezdiler. UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji duşuşygy pariźli toparyň......