TDIM-de parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň jemlerine bagyşlanan maslahat geçirildi

  • 14.12.2021 23:54
  • 2.9k+

14-nji dekabrda Daşary işler ministrliginiň binasynda 10-njy dekabrda geçirilen Türkmenistanyň Hökümetiniň giňişleýin mejlisiniň, şeýle-de 11-nji dekabrda türkmen paýtagtynda guralan «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatyň jemlerine bagyşlanan «tegelek stol» maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

TDIM-niň Metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň netijeleri boýunça kabul edilen Jemleýji resminama çärä gatnaşanlaryň üns merkezinde boldy. Çykyş edenler Jemleýji resminamany kabul etmek hem-de beýan edilen başlangyçlary hemmetaraplaýyn goldamak arkaly, foruma gatnaşyjylaryň Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň ählisini Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli her ýylyň 12-nji dekabrynda halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklamakda hem-de pugtalandyrmakda Bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti barada jemgyýetçiligiň habarlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleri işjeň geçirmäge çagyrandyklaryny aýratyn nygtadylar.

Mälim bolşy ýaly, Aşgabatda geçirilen ýokary derejeli foruma gatnaşyjylar Jemleýji resminamany kabul etmek bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýen ählumumy başlangyjyny ilerletmek boýunça teklibi goldadylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli döwletimiziň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçiriljek mowzuklaýyn duşuşyklar şu ýylyň ahyryna çenli dowam eder.


11.06.2026 22:20
6k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.1k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

11.06.2026 07:42
1.7k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 18:54
4.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......