Çarlz Oliweýra Dastin Porýeni ýeňip, ýeňil agramda çempionlyk guşagyny gorady

  • 13.12.2021 19:21
  • 13k+

Las-Wegasdaky (Newada, ABŞ) "Ti-Mobaýl Arenada" UFC 269 ýaryşy tamamlandy. Agşamyň esasy söweşinde UFC-niň ýeňil agramdaky çempiony braziliýaly Çarlz Oliweýra amerikaly Dastin Porýeni ýeňip, çempionlyk guşagyny gorady.

Oliweýra ýeňil agram derejesinde iň gowy söweşijileriň başyny çekýän Porýeni demikdiriji emel bilen ýeňmegi başardy. Bu söweşden öň hem Çarlz Oliweýra yzly-yzyna dokuz söweşde ýeňiş gazanyp gelýärdi.
Mundan başga-da, söweş agşamynyň görnükli duşuşyklarynyň birinde braziliýaly Amanda Nunýez amerikaly Julianne Penýadan ýeňildi. 32 ýaşly Penýa ikinji raundda demikdiriji emel ulandy we öz agramynda UFC-niň täze çempiony boldy. 33 ýaşly Nunýez UFC-de 2015-nji ýyldan bäri ýeňilmändi.


26.06.2026 23:43
8k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
5k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.3k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......