Berdimuhamedow halkara gatnaşyklarda täze filosofiýany kemala getirmegi teklip etdi

  • 12.12.2021 09:38
  • 7.5k+

11-nji dekabrda Aşgabatdaky Maslahatlar merkezinde “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahat geçirildi. Onuň dabaraly umumy mejlisine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 26 ýyllygyna bagyşlanan forum ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen şu ýylyň esasy wakalarynyň biri boldy.

Bu şanly waka mynasybetli Maslahatlar merkeziniň giň zalyna Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Diýarymyzyň we daşary ýurtlaryň diplomatlary — Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, şeýle hem daşary döwletleriň hem-de abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar. Aşgabada çagyrylan belent mertebeli myhmanlaryň hatarynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýolbaşçylary we beýlekiler bar.

Türkmen Lideriniň maslahatda eden maksatnamalaýyn çykyşynda belleýşi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda Türkmenistanda hem-de sebit we dünýä derejelerinde birnäçe möhüm halkara çäreler — maslahatlar, köptaraplaýyn forumlar we söhbetdeşlikler, okuw maslahatlary we sapaklary geçirildi. Bu çärelere daşary ýurt döwletleriniň hökümetleriniň agzalary, abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, tanymal syýasatşynaslar, diplomatlar, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Parahatçylyk we ynanyşmak ýörişine öwrülen şol çäreleriň halkara gatnaşyklarda we häzirki zamanyň möhüm soraglarynda çözgütleri tapmakda ähmiýetiniň örän uly bolandygyny aýratyn bellemek isleýärin diýip, Prezident hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Türkmen Lideri häzirki döwrüň ýagdaýlaryna hem-de halkymyzyň köpasyrlyk tejribesine berk daýanýan türkmen Bitaraplygynyň özboluşlylygy barada aýdyp, hut Bitaraplygyň sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň ygtybarly kepili bolup hyzmat edýändigini, halkara ykdysady we syýasy işleriň oňyn ösüşine täsir edýän möhüm ähmiýetli şert hökmünde çykyş edýändigini nygtady. Döwlet Baştutany parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki döwrüň dünýä bileleşiginiň durmuşyndaky syýasy medeniýet — bu netijeli, birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk esasyndaky gatnaşyklara taýýarlyk we ukyplylykdyr diýip belledi. Şeýle gatnaşyklaryň ornuny hiç zat bilen çalşyp bolmaz.

«Häzirki şertlerde anyk kesgitlenen syýasy ölçeglere, sagdyn, oňyn pragmatizme, umumy ykrar edilen hem-de hemmelere düşnükli bolan adamzat gymmatlyklaryna esaslanýan halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasynyň kemala getirilmegine mätäçlik çekýändigimize ynanýaryn. Men şeýle filosofiýany “Dialog — parahatçylygyň kepili” diýip atlandyrardym diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we hemmeleri onuň amala aşyrylmagynyň üstünde bilelikde pikirlenmäge çagyrdy.

Parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň dowamynda halkara guramalaryň ýolbaşçylary çykyş edip, halkara gatnaşyklarda parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmegi öňe sürýän türkmen Lideriniň başlangyçlaryny biragyzdan goldaýandyklaryny tassykladylar.

Mejlis tamamlanandan soň, köptaraplaýyn namalaryň 26-syndan ybarat bolan resminamalaryň uly toplumyna gol çekmek dabarasy boldy. Dünýä gün tertibiniň esasy meselelerini hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin açyk meýdança öwrülen parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň mowzuklaýyn mejlisleriniň işi tamamlanandan soň, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Onda Jemleýji resminama kabul edildi.


düýn 23:10
1.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenkony doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi diýip,......

düýn 15:59
976

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy Koreýa Respublikasynyň täze ilçisiniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 6-njy aprelde Koreýa Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Li Won-Jeden ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi diýip,......

düýn 07:30
6.5k+

Bol hasylyň ugrunda: Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumynyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni sanly ulgam arkaly sebitlerde dowam edýän ýazky meýdan işlerine we durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan iş maslahatyny......

06.04.2026 23:45
4.4k+

Kabulda «Merkezi Aziýa – Owganystan» konsultatiw dialogynyň ilkinji duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 5-nji aprelinde Kabul şäherinde «Merkezi Aziýa – Owganystan» konsultatiw dialogynyň ilkinji mejlisi boldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär....