Berdimuhamedow baýramçylyk mynasybetli günä geçmek hakynda Permana gol çekdi

  • 10.12.2021 21:52
  • 33k+

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli iş kesilen 338 raýatyň günäsini geçmek geçmek baradaky Permana gol çekdi. Gurbanguly Berdimuhamedow degişli resminama ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň we beýleki döwlet ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, türkmen Lideri mejlisde eden çykyşynda uly baýramlaryň öňýanynda toba gelen raýatlaryň günäsiniň geçilýändigini belledi. Gurbanguly Berdimuhamedow günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Türkmen Lideri welaýat, etrap we beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek babatda zerur çäreleri görmegi tabşyryp, günäsi geçilen adamlaryň ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmaklaryny arzuw etdi.


düýn 16:02
851

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......