Nepomnýaşiý we Karlsen küşt täji ugrundaky oýnuň üçünji tapgyrynda deňme-deň oýnadylar

  • 30.11.2021 12:45
  • 3.3k+

Rus grossmeýsteri Ýan Nepomnýaşiý we norwegiýaly Magnus Karlsen dünýä küşdüniň täji ugrundaky oýnuň üçünji tapgyryny oýnadylar. Bu barada championat.com habar berdi.

Netijede, tapgyr deňme-deň tamamlandy. Bäsdeşler ilkinji iki oýny hem deňme-deň tamamlapdylar. Şeýlelikde, häzirki hasap 1,5:1,5 boldy.
Duşuşyk nusgawy küşt boýunça 14 sany tapgyrdan ybarat bolar. Olaryň netijesi boýunça ýeňiji kesgitlenmese, küşt oýunçylary taý-breýk oýnarlar.
Geljekki oýunlar 30-njy noýabrda, 1-nji, 3-nji, 4-nji, 5-nji, 7-nji, 8-nji, 10-njy, 11-nji, 12-nji we 14-nji dekabrda meýilleşdirilýär. Taý-breýk (zerur bolan halatynda) 15-nji dekabra meýilleşdiriler. Ähli oýunlar Aşgabat wagty bilen 17:30-da başlaýar.

düýn 13:05
5.4k+

Ýewropa ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň 1/4 finalynyň ähli gatnaşyjylary belli boldy

2025/26-njy ýyl möwsüminiň Ýewropa ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň 1/8 final duşuşyklary tamamlanyp, ýewrokuboklaryň çärýek finalyna çykan ähli toparlar kesgitlenildi. Ýewropa ligasynyň 1/8 finalynyň netijeleri:...

19.03.2026 15:56
8.9k+

Messi karýerasynda 900-nji goluny geçirdi. Munuň üçin oňa Ronaldudan az wagt gerek boldy

«Inter Maýami» toparynyň hüjümçisi Lionel Messi karýerasynda 900-nji goluny geçirdi. Ol özüniň ýubileý goluny KONKAKAF Çempionlar kubogynyň çäginde «Neşwill» toparyna garşy geçirilen oýunda (hasap 1:1) derwezä girizdi...

19.03.2026 11:43
8.2k+

ÇL: «Barselona» «Nýukasly» parçalady, «Liwerpul» «Galatasaraýy» ýeňlişe sezewar etdi

UEFA-nyň Çempionlar ligasyndaky agşamlar seýrek ýagdaýda rahat geçýär, emma bu gezekki oýunlar aýratyn şüweleňli boldy. Gol yzyna gol tirkeldi, faworitler garşydaşlaryna hiç hili mümkinçilik goýmady, Londonda bolsa soňky minutlara çenli gyzykly pursatlar dowam etdi...

18.03.2026 12:45
6.8k+

Senegal Afrikanyň kubogyny elinden aldyrdy, çempion tituly Marokko berildi

Senegalyň milli ýygyndysy 2025-nji ýylyň Afrika milletleriniň kubogynyň ýeňijisi diýen tituldan mahrum edildi. Afrikanyň futbol konfederasiýasy (CAF) Marokko futbol federasiýasynyň şikaýatyny kanagatlandyrdy we final duşuşygynyň netijesini üýtgetdi — indi senegallylara tehniki ýeňliş ýazyldy, ýeňiş bolsa resmi taýdan Marokkonyň ýygyndysyna berildi...