Çaýkowskini ýerine ýetiren Wenesuelanyň orkestri dünýäde iň ulusy diýlip ykrar edildi

  • 22.11.2021 23:59
  • 3.6k+

13-nji noýabrda Karakasda Pýotr Çaýkowskiniň sazyny ýerine ýetiren orkestr dünýäde iň ulusy diýlip ykrar edildi. Goýlan rekord baradaky şahadatnamanyň tanyşdyrylyş dabarasyndan kadrlar Telesur teleýaýlymynda efirde görkezildi. Bu barada TASS habar berýär.

“Aýdym-saz – duýgularyň iň arassa beýany, oňa ähli zat geçirilip bilner. Prezident Nikolas Maduronyň adyndan, öz watanyny ýüregi bilen gowy görýän ähli wenesuelalylaryň adyndan size diýesim gelýär: “Wenesuelanyň nähili owadandygyny, batyrdygyny we mertebelidigini ýene bir gezek görkezendigiňiz üçin, size minnetdar”” – diýip, dabarada Boliwariana Respublikasynyň aragatnaşyk, medeniýet we syýahatçylyk meseleleri boýunça wise-prezidenti Freddi Nanýes aýtdy.

13-nji noýabrda Milli ýaşlar we çagalar orkestrleri ulgamynyň 12 müňden gowrak ýaş sazandasyndan ybarat orkestr Karakasyň merkezinde Pýotr Çaýkowskiniň “Slawýanskiý marşyny” ýerine ýetirdi. Mundan öňki rekord 2019-njy ýylda Russiýada, 8 müňden gowrak sazandadan ybarat orkestr Sank-Peterburgdaky stadionda ýurduň gimnini ýerine ýetirende goýuldy. 

düýn 23:07
3.9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
3.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
6.2k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......