“Ýewrowideniýe-2022” Turinde geçiriler

  • 10.10.2021 14:02
  • 2.4k+

2022-nji ýylda “Ýewrowideniýe” aýdym-saz bäsleşigi Italiýanyň Turin şäherinde geçiriler. Onuň finaly 2006-njy ýyldaky gyşky Olimpiadadan öň gurlan “Pala Olimpiko” meýdançasynda bolar. Ýarym finallar 10-njy we 12-nji maýa, jemleýji konsert 14-nji maýa meýilleşdirilýär. Bu barada russian.rt.com habar berýär.

Bäsleşigi gurnaýjylaryň maglumatlaryna görä, “Ýewrowideniýäni” geçirmäge Italiýanyň 16 şäheri dalaş etdi. Ýagny, bu çärä şol sanda Rimiň, Milanyň, San-Remonyň, Florensiýanyň, Rimininiň, Bolonýanyň we Weronanyň häkimiýetleri gyzyklanma bildirdi.

Bäsleşigi kabul etmäge dalaş edýän şäherler birnäçe talaplara laýyk gelmeli. Ýagny, bu ýerlerde Ýewropa ýurtlarynyň köpüsine uçuşlary hödürleýän halkara howa menzili, ýeterlik derejede myhmanhanalar, 10 müňe golaý tomaşaçyny sygdyryp bilýän ýapyk meýdança we ş.m bolmaly. Aýdym-saz bäsleşiginiň ýerine ýetiriji gözegçisi Martin Osterdalyň belleýşi ýaly, Turin bu çäräni geçirmek üçin iň gowy ýer boldy.

Turin Italiýanyň Ýewrowideniýäni kabul etjek üçünji şäheri bolar. 1965-nji ýylda Jilýola Çinkwetti ýeňiji bolandan soň, bäsleşik Neapolda geçirildi. Şonda birinji orna Lýuksemburgyň wekili Frans Gall mynasyp boldy. 1990-njy ýylda Ýewrowideniýede Toto Kutunýo ýeňiji boldy. Bir ýyldan soň bäsleşigi Rim kabul etdi, onuň ýeňijisi aýdymçy Karola boldy. 

2021-nji ýylda Ýewrowideniýe Rotterdamda geçirildi. Bäsleşigiň ýeňijisi Italiýanyň Maneskin topary boldy. Olar jemi 524 bal gazandylar, bu hem Italiýa bäsleşigiň tutuş taryhynda üçünji ýeňşi getirdi. 


17.05.2026 14:15
5.9k+

70-nji «Ýewrowideniýe» bäsleşiginde bolgariýaly aýdymçy Dara ýeňiji boldy

Bolgariýaly aýdymçy Dara 70-nji «Ýewrowideniýe» aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Ýubileý bäsleşigi Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde geçirildi....

16.05.2026 12:10
3.3k+

«Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň ähli finalçylary belli boldy

Wenanyň «Wiener Stadthalle» arenasynyň sahnasynda geçirilen iki sany saýlama tapgyryň netijeleri boýunça «Ýewrowideniýe-2026» halkara aýdym-saz bäsleşiginiň final tapgyryna gatnaşjaklaryň ählisi kesgitlendi....

15.05.2026 15:40
4.2k+

Italiýada dünýäde ilkinji «relsiň üstündäki taksi» ýola goýuldy

Italiýanyň demirgazygynda işläp düzüjiler tarapyndan dünýäde ilkinji «relsiň üstündäki taksi» diýlip atlandyrylýan RailEvo transport ulgamynyň synaglary başlandy. Taslama bar bolan demirýol infrastrukturasynyň......

11.05.2026 18:12
1k+

Wenada «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň açylyş dabarasy boldy

10-njy maýda Wenada «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Bäsleşigiň gatnaşyjylary «Burgteatrdan» şäher häkimligine çenli uzalyp gidýän pöwrize reňkli halyň üstünden ýöräp......