Aleksandr Ýemelýanenko eminleriň biragyzdan karary bilen blogçy Tarasowy ýeňdi

  • 21.09.2021 09:05
  • 20k+

Garyşyk söweş sungatynyň russiýaly söweşijisi Aleksandr Ýemelýanenko “Nashe Delo” promouşeniniň esasy duşuşygynda blogçy Artýom Tarasowy ýeňdi. Söweş doly üç tapgyr dowam etdi we eminleriň biragyzdan karary bilen Ýemelýanenkonyň ýeňmegi bilen tamamlandy.

Söweş ýumruk söweşleriniň kadalaryna laýyklykda guraldy, söweşijiler hersi iki minutdan bolan üç raundy meýdançada geçirdiler.
Söweşiň birinji bölegi Tarasowyň peýdasyna geçdi. Ol köp hereket etdi we nyşana ýygy-ýygydan urdy. Şeýle-de bolsa, söweşiň ikinji böleginde Ýemelýanenko ýagdaýy ele aldy we garşydaşyny birnäçe gezek nokdauna gidirip, söweşi ynamly tamamlady.
Umuman alanyňda, Ýemelýanenkonyň karýerasynda 29 ýeňiş, sekiz ýeňliş we bir deňlik bar. Ýemelýanenkonyň 2021-nji ýylda ýene iki söweş geçirmegine garaşylýar, olaryň biri repçi Djigan bilen, beýlekisi bolsa MMA söweşijisi Wladimir Mineýew bilen bolar. Şeýle hem ýakynda onuň Wýaçeslaw Datsik bilen söweşmegi meýilleşdirýändigi mälim boldy.


13.03.2026 12:13
8.2k+

Hamzat Çimaýew UFC 328 ýaryşynda Şon Striklend bilen tutluşar

UFC-niň orta agramda häzirki çempiony, 31 ýaşly ýeňilmezek Hamzat Çimaýew bu agramda promouşeniň öňki çempiony, amerikaly Şon Striklend bilen tutluşar. Bu barada liganyň X sosial ulgamyndaky resmi akkaunty habar berýär...

11.03.2026 18:54
8.5k+

Oliweýra UFC-niň iň gowy söweşijileriniň P4P reýtingine gaýdyp geldi, Sarukýan çykdy

Braziliýaly söweşiji Çarlz Oliweýra agram derejesine garamazdan (pound-for-pound) UFC-niň iň gowy 15 söweşijisiniň sanawyna gaýdyp geldi. Reýtingdäki bu üýtgeşme Oliweýra UFC 326 ýaryşynda Maks Holloweýi ýeňip, BMF guşagyny gazanandan soň bolup geçdi...

10.03.2026 12:23
15k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedro bilen urşar

Garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow 16-njy aprelde Demirgazyk Irlandiýanyň Belfast şäherindäki «SSE Arena» arenasynda geçiriljek PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedro bilen duşuşar...

10.03.2026 07:58
6.5k+

UFC 326 turnirinde Oliweýra Holloueýden üstün çykyp, 2,2 million dollardan gowrak girdeji gazandy

UFC-niň ýeňil agramda öňki çempiony Çarlz Oliweýra UFC 326 turniriniň iň köp hak tölenýän gatnaşyjysy boldy. Sporty Salaries portalynyň maglumatlaryna görä, braziliýaly söwüşiji agşamyň esasy tutluşygy üçin 2,282 million dollar aldy...