Ford ýylyň ikinji çärýeginde 561 million dollar girdeji gazandy

  • 30.07.2021 14:16
  • 6.8k+

Dünýäde mikroçipleriň ýetmezçiligi sebäpli önümçiligiň azalýandygyna garamazdan, “Ford” awtokonserni ikinji çärýekde 561 million dollar girdeji gazandy. Bu barada Associated Press habar berdi.

Kompaniýa beýle netijä çykdajylaryň azaldylmagynyň we awtoulaglarynyň bahasynyň ýokarlanmagynyň netijesinde ýetilendigini mälim etdi. Ondan öň “Ford” ikinji çärýekde belli bir derejede ýitgileriň bolmagyna garaşýardy.
Şeýlelikde, ikinji çärýekde korporasiýanyň girdejisi 26,8 milliard dollar boldy. “Ford”-yň salgytdan öňki ýyllyk girdejisi baradaky çaklama, takmynan, 10 milliard dollara barabardyr.
Ondan öň “Ford”-yň hem-de beýleki awtoulag kompaniýalarynyň ýolbaşçylary ýarymgeçirijiniň ýetmezçiliginiň üçünji çärýekde gowşap başlajakdygyny, ýöne ýagdaýyň üýtgäp hem biljekdigini çaklaýardylar.


09.05.2026 09:12
2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....

27.04.2026 19:03
3.5k+

Ford Mustang-y dört gapyly sedana öwürmek isleýärler

Ford meşhur Mustang-yň dört gapyly wersiýasyny işläp düzýär. Ol 2028-nji ýyla çenli, ähtimal, Mach 4 ady bilen satuwa çykarylyp bilner....

24.04.2026 18:17
2.4k+

Ford-yň syrly Mustang modeli Nýurburgringde täze aýlaw rekordyny goýdy

Ford konserni meşhur Nýurburgring ýolunda Ford Mustang GTD Competition ýörite wersiýasynyň täze rekord goýandygyny resmi taýdan yglan etdi....

24.04.2026 10:28
5.2k+

Ford we Linkoln kompaniýalary awtoulaglary yzyna çagyrmakda öňdeligi eýeleýärler, olaryň tas 20 million awtoulagy yzyna çagyryldy

Amerikanyň Ford awtoulag öndürijisi yzyna çagyran awtoulaglarynyň sany boýunça öňdeligi eýeledi. iSeeCars seljeriş kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň aprelinden 2026-njy ýylyň martyna çenli......