Fukusimada haýwanlaryň täze görnüşi ýüze çykaryldy

  • 11.07.2021 07:38
  • 15k+

2011-nji ýylda Ýaponiýanyň «Fukusima» atom elektrik stansiýasynda bolup geçen heläkçilik haýwanlaryň täze görnüşleriniň ýüze çykmagyna getirdi. Olar ýabany ýekegapanlaryň we öý doňuzlarynyň birleşmesi diýip, «Proceedings of the Royal Society B: Biological Sciences» neşiri ýazýar. Bu baradaky maglumatlary mir24.tv ýetirýär.

Alymlar radiasiýanyň haýwanlaryň genetikasyna täsir etmändigi hakynda netijä geldiler. Olar bu ýerde ýaşamagyny dowam edip, hatda nesil berdiler. Atom stansiýasynyň heläkçiliginden zeperlenen sebiti adamlar taşlap gidenlerinden soňra, bu ýerde ýabany ýekegapanlar gözegçiliksiz köpelip başladylar. Soňlugy bilen olar golaýdaky fermalardan gaçyp gelýän öý doňuzlary bilen täze görnüşli jandary emele getirdiler.
Fukusima uniwersitetiniň wekilleri ylmy işleriniň çäginde bu ýerde ýaşaýan ýekegapanlaryň 243-siniň DNK-synyň nusgalaryny seljerdiler. Barlaglaryň netijeleri olaryň 31-siniň (16 göterim) gibrid görnüşindedigini görkezdi. Alymlar bu ýagdaýyň bir görnüşden başga görnüşe genetiki maglumatlaryň geçirilmegi esasynda ýüze çykandygy hakynda netijä geldiler.
Geljekde bu gidrid jandarlarynyň ekoulgamdaky ornuna we olary oba hojalygynda ulanmagyň mümkinçiliklerine baha bermek gerek bolar. Şunlukda, alymlar haýwanlaryň radiasiýa hadysasyndan kösenendigine garamazdan, onuň jandarlaryň reproduktiw funksiýasyna täsir etmändigini bellediler.


24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

08.06.2026 13:01
9.6k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

02.06.2026 20:28
8.1k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....

01.06.2026 23:54
7.7k+

Okinawa adasyna güýçli taýfun golaýlaýar, eýýämden ýüzlerçe uçuş ýatyryldy

Ýaponiýanyň iň günorta sebiti bolan Okinawa özi bilen güýçli ýagyşlary, harasatlary we güýçli tupanly ýelleri äkeljek «Jangmi» taýfunynyň gelmegine taýýarlyk görýär. Ýurduň Meteorologiýa gullugy süýşgünleriň......