Şu onýyllykda Ispaniýada iş orunlarynyň 52 göterimi awtomatlaşdyrylar

  • 04.07.2021 19:55
  • 3k+

Şu onýyllygyň dowamynda Ispaniýada iş ýerleriniň 52 göterimi awtomatlaşdyrylar, şoňa görä-de, işgärleriň her ýedinjisi öz işini ýitirip biler, çagalaryň 65 göterimi bolsa ähmiýetsiz işlerde işlär. Şu barada «Randstad» halkara işgärler kompaniýasynyň «Işde çeýelik — üýtgeşmeleri kabul etmek» atly hasabatyndan käbir maglumatlary azertag.az ýetirýär.

Bahalandyrmalara görä, pandemiýa sebäpli has-da çaltlandyrylan häzirki sanly özgertmeler zamanynda tehnologik başarnyklar bilen birlikde, 2030-njy ýylda tankydy pikirlenme, kreatiwlik, duýgy aňy ýaly başarnyklar hem zerur bolar.
Bütindünýä ykdysady forumynyň maglumatlaryna görä, geljek, 2022-nji ýylda adamlaryň, kompýuterlerdir algoritmleriň arasyndaky täze zähmet bölünişigi netijesinde täze iş ýerleriniň 133 milliony dörär. Randstad-yň hasabatyna laýyklykda, täze dörejek bu iş ýerlerine oňat aýlyk haky tölener we olar ornuny tutan hünärlerine kän bir meňzemez. Şoňa görä-de, hünärmenlere olary ýerine ýetirmek üçin täze ukyplary ele almak zerur bolar.

düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

düýn 18:54
3.2k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
1.9k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
5.3k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......