«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda işleriň depgini ýokarlanýar

  • 04.07.2021 17:56
  • 7.2k+

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar we düzümleýin desgalaryň gurluşygy dowam edýär.

Wise-premýer B.Öwezow bu ugurda işleriň depginlerini yzygiderli artdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän giň möçberli çäreler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň paýly gatnaşmagynda döredilen «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda alnyp barylýan işleriň depgini barha ýokarlanýar. Onda ýurdumyzyň we daşary döwletleriň onlarça gämileri abatlanyldy. Zawodyň işgärleriniň tejribesi we hünär derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynyň işinde dünýäniň ösen tejribesini işjeň ulanmak, ýük we ýolagçy gatnawlaryny işjeňleşdirmek hem-de daşky gurşawy goramak babatda durmuşa geçirilýän çäreleri kämilleşdirmek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

düýn 18:54
3.2k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
1.9k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
5.3k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......