Türkmenistanda gurluşykda milli nyrh emele getirmek ulgamy kämilleşdirilýär

  • 04.07.2021 17:50
  • 7.5k+

Gurluşyk we binagärlik ministrligi gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça zerur kadalaşdyryjy hukuk namalaryny we beýleki resminamalary işläp taýýarlamak, olary degişli edara-kärhanalar bilen ylalaşmak we bellenen tertipde tassyklamak boýunça işleri alyp barýar. Gurluşykda nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, halkara bäsleşik yglan edildi hem-de ýeňiji kesgitlenildi.

Bu barada wise-premýer Ş.Durdylyýew döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň meýilnamasyna laýyklykda degişli işler alnyp barylýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşykda milli nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işleriň ýagdaýyny seljermegi dowam etmegi tabşyryp, bu ugurda uly tejribesi bolan daşary ýurt kompaniýalaryny çekmegiň zerurdygyny belledi.

düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

düýn 18:54
3.2k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
1.9k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
5.3k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......