Mahaçkala Türkmenbaşy porty bilen parom gatnaşygyny dikeltmegi maslahatlaşýar

  • 01.07.2021 19:58
  • 10k+

Türkmenistan we Dagystan Respublikasy Türkmenbaşynyň halkara deňiz porty bilen Mahaçkala deňiz söwda portunyň arasynda parom aragatnaşygyny gaýtadan ýola goýmak barada gepleşikleri geçirýär.

Hususan-da, dagystan tarapy ýük awtoulaglary üçin türkmen ýük paromlaryny kabul etmäge taýýardygyny mälim etdi. ORIENT agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Dagystanyň wagtlaýyn ýolbaşçysy Sergeý Melikow Respublikanyň ulag, ýol gurluşygy, awiasiýa we demir ýol aragatnaşygy boýunça giňeldilen ýygnagynda aýtdy.
Mahaçkala deňiz söwda porty Dagystanyň ulag infrastrukturasynyň strategiki desgasy bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, parom gatnawyny guramak ýakyn geljek üçin ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Portdaky parom gatnawynyň mukdaryny yzygiderli ýokarlandyrmak geljekde konteýner ýükleriniň, şol sanda ýöriteleşdirilen terminallarda ýük daşamagyny ösdürmäge mümkinçilik berer.
Şunuň bilen baglylykda, Dagystan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň hem-de Eýran bilen parom gatnaşygyny açmagyň geljegine seredýär.

düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

düýn 18:54
3.2k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
1.9k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
5.3k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......