2027-nji ýylda Günbatar Afrikanyň 15 ýurdunyň umumy pul birligi peýda bolar

  • 29.06.2021 20:01
  • 10k+

Günbatar Afrikanyň 15 döwletiniň umumy pul birligi 2027-nji ýylda güýje girer. Bu barada, Reuters agentliginiň habar bermegine görä, Günbatar Afrika ýurtlarynyň Ykdysady Bileleşiginiň (ECOWAS) sammitiniň ahyrynda guramanyň Komissiýasynyň ýolbaşçysy Žan-Klod Kassi Bru aýtdy. Muny TASS ýetirýär.

Bellenilişi ýaly, sammit 2027-nji ýylda ECOWAS-yň 15 ýurdunyň umumy pul birligini çykarmak boýunça täze ýol kartasyny kabul etdi. Häzirki wagtda Günbatar Afrikanyň sekiz ýurdy frank zonasyna girýär we olaryň pul birligi hökmünde Günbatar Afrika franky (Afrikanyň maliýe bileleşiginiň franky) bar. Sebitiň galan döwletleriniň hususy milli pul birligi bar.
2019-njy ýylyň dekabr aýynda ECOWAS-a agza ýurtlar Günbatar Afrika frankynyň walýuta zonasynyň mehanizmini üýtgetmek barada Fransiýa bilen ylalaşdylar. Ylalaşyga laýyklykda, Günbatar Afrika franky eko (ECOWAS abbrewiaturasynyň ilkinji üç harpyndan alnan) adyny alýar, ýöne ýewro bagly bolmagynda galýar. Şol bir wagtyň özünde Afrikanyň maliýe bileleşiginiň frank zonasyna girýän ýurtlaryň walýuta ätiýaçlyklarynyň 50%-niň Fransiýanyň Merkezi bankynyň hasabynda saklanýandygyny görkezýän düzgün ýatyrylýar. Şeýle-de, Günbatar Afrika ýurtlarynyň maliýe bileleşiginiň dolandyryjy geňeşinde Fransiýanyň wekiliniň bolmagy baradaky talap hem ýatyrylýar. 
Günbatar Afrika franky pul birligi hökmünde 1945-nji ýylyň dekabr aýynda Günbatar we Ekwatorial Afrikadaky fransuz emläkleriniň çäginde fransuz hökümetiniň karary bilen güýje girizildi. Şu güne çenli frank zonasy Günbatar Afrikanyň sekiz döwletini we Merkezi Afrikanyň alty ýurduny öz içine aldy. 


düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

düýn 18:54
3.2k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
1.9k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
5.3k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......