Ýewro-2020: Germaniýa - Wengriýa, Portugaliýa - Fransiýa duşuşyklary deňme-deň tamamlandy

  • 24.06.2021 15:03
  • 6.4k+

Ýewropa çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň soňky duşuşygynda Germaniýa Wengriýa bilen deňme-deň oýnady.
Oýunda hasaby 11-nji minutda Adam Salai açdy. Ikinji ýarymda Kaý Hawerts (66) hasaby deňledi. Iki minutdan wengriýalylar Andraş Şeferiň tagallalary bilen ýene-de öňe saýlandylar.
Germaniýany halas eden pökgini oýnuň gutarmagyna dört minut galanda Leon Goreska geçirdi.

F toparda ugurdaş duşuşykda Portugaliýanyň milli ýygyndysy Fransiýa bilen deňme-deň oýnady. Kriştianu Ronaldu hem-de Karim Benzema dubl etdi.

Portugaliýaly ýyldyz oýunçy eýranly Ali Daeniň milli ýygyndysy üçin geçiren gol sany boýunça rekordyny gaýtalady. Ronaldunyň hasabynda indi 109 gol bar.
Toparlaýyn tapgyryň netijeleri boýunça fransuzlar toparda birinji orny eýelediler. Germaniýa ikinji orunda, Portugaliýa üçünji orunda ýerleşdi. Ýygyndylaryň üçüsi hem Ýewro-2020-niň 1/8 final tapgyryna çykdy.

düýn 23:00
895

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......