Ronaldu dünýäde ilkinji bolup Instagramda 300 million abunaçy toplady

  • 21.06.2021 19:54
  • 11k+

Portugaliýanyň ýygyndysynyň we «Ýuwentusyň» hüjümçisi Kriştianu Ronaldu dünýäniň Instagramda 300 million abunaçy toplan ilkinji adamy boldy. Bu barada mir24.tv habar berýär. 

Futbolçy Instagram sahypasynda öz durmuşyndan wakalary işjeň paýlaşýar. Onuň toply we türgenleşik wagtyndan goýýan suratlary 13 milliona çenli laýk toplaýar. Ronaldunyň maşgalasy — halaşýan gyzy Jorjina hem-de 4 çagasy bilen bilen goýýan suratlary has köp seslenmelere mynasyp bolýar. 
Instagram sosial torunda abunaçylarynyň sany boýunça artist we restling boýunça ozalky türgen Dueýn Jonson ikinji orny eýeleýär. Skala lakamy bilen meşhur bolan artistiň durmuşyny 246 million adam yzarlaýar. Amerikan aýdymçysy Ariana Grande bolsa 244 million abunaçy bilen üçünji orunda durýar.
Ronaldu ilkinji gezek Instagramdaky abunaçylarynyň sany boýunça birinjilige 2018-nji ýylyň oktýabrynda çykdy. Şol wagt ol ABŞ-ly aýdymçy Selena Gomesden öňdelige geçipdi. Selena häzir bu sanawda altynjy orunda barýar, ony yzarlaýanlaryň sany 238 million adama deň.
36 ýaşly Ronaldu 5 gezek «Altyn top» baýragynyň eýesi boldy. Ol Liga çempionlarynyň 5 gezek ýeňijisi, Ispaniýanyň we Italiýanyň 2, Angliýanyň bolsa 3 gezek çempionydyr.

düýn 23:07
2.5k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.6k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.6k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......