«Türkmenhimiýa» döwlet konserni 2900 tonna suwuk hlor satyn alar

  • 19.06.2021 20:36
  • 8.5k+

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň bäsleşik topary 2021-2022-nji ýyllarda ýurdumyzyň önümçilikleri üçin zerur bolan suwuk hloruň 2 müň 900 tonnasyny satyn almak baradaky täze şertnamany baglaşar. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berildi.

Wise-premýer Ş.Durdylyýewiň bellemegine görä, içerki sarp edijileri himiýa önümleri bilen üpjün etmek boýunça işler «Türkmenhimiýa» döwlet konsernine tabşyryldy. Suwuk hlor ýurdumyzyň himiýa, nebitgaz pudaklarynyň önümçiliklerinde hem-de agyz suwuny öndürýän kärhanalarda suwy zyýansyzlandyrmak üçin giňden peýdalanylýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, içerki sarp edijileri milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň önümçiliginde giňden ulanylýan, zerur himiýa önümleri bilen üpjün etmek boýunça geçirilýän işleriň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri bu ugurda alnyp barylýan işlere talabalaýyk gözegçiligi üpjün etmek hem-de ýurdumyzda öndürilýän, sarp edijileriň uly isleglerinden peýdalanýan himiýa önümleriniň öndürilýän mukdaryny we görnüşlerini artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeler bilen baglylykda himiýa senagatyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilmelidigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

düýn 19:01
953

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

düýn 18:54
3.1k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
1.9k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
5.3k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......