Demirgazyk Koreýada iýmit ýetmezçiligi döräp biler

  • 19.06.2021 18:09
  • 15k+

Koreýa Halk Demokratik Respublikasynda açlyk ýüze çykyp biler. «NHK» teleýaýlymy ýurduň Prezidenti Kim Çen Yn Zähmet partiýasynyň Merkezi komitetiniň ýygnagynda eden çykyşyna salgylanyp, ilaty azyk harytlary bilen üpjün etmek meselesiniň dartgynly ýagdaýdadygyny habar berdi. Bu barada euronews.com käbir maglumatlary ýetirýär.

Munuň sebäbini ýurduň Prezidenti geçen ýylda bolup geçen güýçli taýfun hem-de koronawirus pandemiýasy zerarly girizilen çäklendirmeler bilen baglanyşdyrdy. Şu ýagdaýlar ilaty egin-eşikler, azyk harytlary we ýaşaýyş jaý bilen üpjün etmek boýunça göreşi uzaga çekdirdi.
Bellenilişi ýaly, aprel aýynda Kim Çen Yn ýurduň halkyny ilatyň ýaşaýyş-durmuşyny gowulandyrmagyň hatyrasyna «zähmet hüjümine» taýýar bolmaga çagyrypdy. «Zähmet hüjümi» diýlip bolsa 90-njy ýyllaryň ahyryndaky wakalara, ýagny ýurduň köpçülikleýin açlyk bilen ýüzbe-ýüz bolan wagtlaryna düşünilýär.

düýn 19:01
951

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

düýn 18:54
3.1k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
1.9k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
5.3k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......