«Altyn asyr» kölüniň çäginde Gün we ýel elektrik bekedi gurlar

  • 16.06.2021 15:01
  • 9.2k+

«Altyn asyr» Türkmen kölüniň çäginde 10 megawat kuwwaty bolan utgaşdyrylan Gün we ýel elektrik bekedini gurmak meýilleşdirilýär.

Energetika ministri Ç.Purçekow döwlet Baştutanynyň garamagyna bekediň şekil taslamalaryny, şeýle hem Ahal hem-de Daşoguz döwlet elektrik beketlerini utgaşykly dolanyşyga geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň meýilnamasyny hödürledi. Şeýle hem türkmen elektrik energiýasyny goňşy döwletlere ibermek boýunça geçirilýän işler barada giňişleýin maglumat berildi we degişli taslamalar görkezildi.
Bellenilişi ýaly, bu işiň geçirilmegi bilen, elektrik energiýasyny öndürmegiň netijeliligi 34 göterimden 52 göterime çenli ýokarlanar.
«Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasyny amala aşyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň maksatnamasyna laýyklykda, kuwwatlylygy 10 megawat bolan Gün we ýel elektrik bekedini gurmak boýunça taslama Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ylmy-önümçilik merkezi tarapyndan taýýarlanyldy. Utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik beketleri goşmaça tebigy gazy sarp etmezden, öndürilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmaga, daşky gurşawa gidýän zyýanly galyndylaryň mukdaryny birnäçe esse azaltmaga mümkinçilik berer.

düýn 19:01
951

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

düýn 18:54
3.1k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
1.9k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
5.3k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......