5-nji okeanyň bardygy ykrar edildi

  • 11.06.2021 16:51
  • 24k+

National Geographic Günorta okeany dünýäniň 5-nji okeany hökmünde ykrar etdi. Bu barada ria.ru maglumat berýär.

Kartograflaryň sözlerine görä, Antarktidany ýuwýan suwlaryň tapawutly aýratynlyklary bar we munuň özi olary aýratyn okean hökmünde bölmäge mümkinçilik berýär. Materialda ýazylyşy ýaly, geograflaryň bileleşiginde bäşinji okeany ýüze çykarmak meselesi ozaldan maslahatlaşylýar, ýöne köpler üçin ol Ýuwaş, Atlantik we Hindi ummanlarynyň dowamy ýaly bolup görünýärdi.
Indi Antarktidany gurşap alýan hem-de günorta giňişlikden 60 gradusa çenli uzalyp, Dreýk aýlagyny we Skoş deňzini özünde jemleýän suwlar Günorta umman adalgasy bilen aňladylar.

düýn 21:48
2.2k+

Italiýada 12 müň ýyl ozal ýaşan gyzjagazda girdenekligiň seýrek görnüşi ýüze çykaryldy

Italiýanyň günortasyndaky gowakda takmynan 12 000 ýyl ozal ýaşan ýetginjek gyzyň galyndylary tapyldy. Live Science neşiriniň habar bermegine görä, onda akromezomeliki displaziýanyň Maroto görnüşiniň alamatlary anyklandy...

düýn 20:38
1.1k+

Astronomlar emeli aňyň kömegi bilen «Habbl»-yň suratlaryndan 1400-e golaý anomal şekilleri tapdylar

Emeli aň älemiň sahypalaryny «waraklap», onlarça ýyllap adamlaryň gözünden sypan täsinlikleriň üstünden bardy. Astronomlar «Habbl» kosmos teleskopunyň arhiwine «AnomalyMatch» atly EA guralyny birikdirdiler. Tejribe tiz wagtda garaşylýan netijäni berdi: algoritm 1400-e golaý anomal obýekti ýüze çykardy...

düýn 18:41
1.3k+

Bezosyň Blue Origin kompaniýasy syýahatçylyk uçuşlaryny iki ýyllyk togtadýar

Blue Origin kosmos kompaniýasy serişdelerini NASA bilen baglaşylan şertnamalara gönükdirmek maksady bilen, suborbital uçuşlary azyndan iki ýyl möhlet bilen togtadýar diýip, The New York Times neşiri ýazýar. Bu çözgüt Artemis Aý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň zerurlygy bilen düşündirilýär...

düýn 18:02
2.3k+

Bir million adam: Braziliýa Starlink-e birikmeleriň sany boýunça dünýäde 2-nji orna çykdy

Braziliýada Starlink hemra internetini ulanyjylaryň sany bir million adamdan geçdi. Bu görkeziji boýunça ýurt diňe ABŞ-dan yza galyp, dünýäde ikinji orny eýeledi. Kompaniýanyň berýän maglumatlaryna görä, Braziliýa bu hyzmat üçin iň çalt ösýän bazarlaryň birine öwrüldi...