Ispaniýa we Portugaliýa 2030-njy ýyldaky Dünýä çempionaty üçin ýüz tutdular

  • 08.06.2021 21:57
  • 7.1k+

Ispaniýa bilen Portugaliýa 2030-njy ýyldaky futbol boýunça Dünýä çempionatyny geçirmek üçin bilelikdäki teklibi resmi taýdan hödürlediler. Iki ýurduň premýer-ministrleri Madridde degişli resminama gol çekdiler, şondan soň iki ýygyndy toparyň arasynda dostlukly oýun geçirildi. Oýun nol hasap bilen tamamlandy. Bu barada ru.euronews.com habar berýär.

DÇ-2030 taryhdaky ilkinji futbol boýunça dünýä çempionatyndan dogry 100 ýyl soň geçiriler. Ýubileý birinjiligi geçirmäge Argentinanyň, Paragwaýyň, Urugwaýyň we Çiliniň toparlaýyn ýüz tutmasy dalaş edýär. Hut Urugwaýda 1930-njy ýylda ilkinji Çempionat geçirilipdi. Mundialy geçirmek isleýän ýurtlaryň ýene bir topary – Bolgariýa, Gresiýa, Rumyniýa we Serbiýa. Bu barada FIFA 2024-nji ýylda gutarnykly saýlaw eder.
Indiki dünýä çempionaty 2022-nji ýylda Katarda geçirilmeli, ýurduň howasynyň aýratynlyklary sebäpli, ol noýabr aýynyň ahyrynda – dekabr aýynyň başynda geçiriler. 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatyny Kanada, ABŞ we Meksika bilelikde kabul eder.


düýn 22:47
1.6k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......

düýn 07:18
7.6k+

«Barselona» – çempion! Topar «Realy» utup, 29-njy gezek La Liganyň ýeňijisi boldy

Kataloniýanyň «Barselona» topary Madridiň «Realyny» utup, futbol boýunça Ispaniýanyň çempiony diýen ady möhletinden ir gazandy. «Kamp Nou» stadionynda geçirilen 35-nji tapgyryň duşuşygy 2:0 hasabynda katalon......

10.05.2026 18:36
4.1k+

«Galatasaraý» 26-njy gezek Türkiýäniň çempiony boldy

Stambulyň «Galatasaraý» topary futbol boýunça Türkiýäniň 26-njy gezek çempiony diýen ady aldy....

10.05.2026 12:29
3.7k+

FIFA futbol ýelmentgilerini çykarmak boýunça Panini bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyny bes edýär

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2030-njy ýylyň dünýä çempionatyndan soň Italiýanyň Panini kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň bes ediljekdigini yglan etdi. 2031-nji ýyldan başlap, FIFA-nyň howandarlygyndaky......