Welotrek boýunça 2021-nji ýyldaky dünýä çempionaty Aşgabatdan başga şähere geçirildi

  • 05.06.2021 14:28
  • 21k+

Halkara welosipedçiler birleşigi (UCI) Welotrek boýunça 2021-nji ýylda dünýä çempionatynyň geçiriljek täze şäherini kesgitlär. Öň, çempionaty 13-17-nji oktýabrda Aşgabatda  geçirmek meýilleşdirilýärdi. Bu barada guramanyň resmi saýtynda habar berilýär.

«Ýaryşlar COVID-19 pandemiýasy bilen bagly girizilen çäklendirmeler sebäpli guramaçylaryň haýyşy boýunça ýatyryldy» — diýlip, gurama habar berýär. 

Häzirki wagtda UCI bellenilen senelerde ýaryşy geçirmek maksady bilen, mümkin bolan birnäçe ýurtlar bilen aragatnaşyk saklaýar.
Welotrek boýunça 2021-nji ýylyň dünýä çempionatynyň geçiriljek täze şäheri ýakyn günlerde mälim ediler diýip, Halkara welosipedçiler birleşiginiň resmi maglumatynda aýdylýar.

düýn 23:07
2.5k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.6k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.6k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......