Eýran energiýa ýetmezçiligi zerarly Türkmenistandan elektrik energiýasyny import edip başlady

  • 04.06.2021 18:33
  • 20k+

Türkmenistan goňşy Eýrana elektrik energiýasyny iberip başlady. Bu barada Eýranyň «Press TV» teleýaýlymynyň saýtynda habar berildi.

Eýranda temperaturanyň gyzmagy we kriptowalýuta önümçiliginiň ýokarlanmagy elektrik energiýanyň sarp edilişiniň ýokarlanmagyna getirdi. Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Eýranyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Horasan welaýatyny 140 megawat elektrik energiýasy bilen üpjün eder diýip, Eýranyň “Tavanir” döwlet energiýa kompaniýasynyň metbugat wekili Mostafa Rajabi aýtdy.
Kompaniýanyň wekili Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky baglaşylan elektrik üpjünçiligi boýunça ylalaşygyň birinji tapgyrynyň durmuşa geçirilýändigini nazara alyp, geljekde importyň artyp biljekdigini hem belledi.
Energetika ministrliginiň Horasan welaýatyndaky bölüminiň wekili Muhammet Alaýi Türkmenistanyň sebitiň elektrik ulgamyny 130 megawat elektrik energiýasy bilen üpjün edip başlandygyny aýtdy.
Bellenilişi ýaly, türkmen elektrik energiýasynyň importy sentýabryň ahyrlaryna çenli dowam eder. Bu import Eýranyň gündogar sebitlerinde elektrik energiýasynyň kesilmeginiň öňüni almak üçin niýetlenilendir.

düýn 19:01
953

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

düýn 18:54
3.1k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
1.9k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
5.3k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......