Olimpiýa türgenleriniň ilkinji tapgyry Ýaponiýa gelip başlady

  • 02.06.2021 23:41
  • 3.6k+

Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň öň ýanynda türgenleriň ilkinji tapgyry Ýaponiýa gelip başlady. Softbol boýunça Awstraliýanyň zenanlar ýygyndysyny alyp gelen uçar Narita howa menzilinde garşy alyndy diýip, euronews.com habar berýär.

Toparyň 30 adamdan ybarat bolan ähli agzasyna koronawirusa garşy sanjym edildi. Olar 3 günläp myhmanhanada bolmak bilen, Tokionyň demirgazygyndaky Ota şäherinde türgenleşiklere başlarlar.
Häzirki wagtda 2020-nji ýylda pandemiýa sebäpli yza süýşürilip, şu ýylyň 23-nji iýulyndan 8-nji awgusty aralygynda geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna Ýaponiýada güýçli depginde taýýarlyk görülýär. Muňa garamazdan, ýaponlaryň aglabasy bu oýunlaryň geçirilmezliginiň tarapdary: oňa dünýäniň 200-den gowrak döwletinden türgenleriň 15 müňüsi gatnaşar, bu bolsa koronawirus bilen kesellänleriň sanynyň artmagyna sebäp bolup biler. Ilatyň arasynda geçirilen soňky pikir soraşmalara görä, ýaponlaryň aglabasy Olimpiadanyň we Paralimpiadanyň yza süýşürilmegini ýa-da asla ýatyrylmagyny talap edipdi.

düýn 23:07
2.5k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.6k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.6k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......