Serhio Aguero “Barselona” geçdi

  • 01.06.2021 12:51
  • 13k+

Ispaniýanyň “Barselona” futbol kluby argentinaly hüjümçi Serhio Aguero bilen şertnama baglaşdy. Bu barada “Barselonanyň” metbugat gullugy habar berýär. Muny TASS ýetirýär.

32 ýaşly argentinaly oýunçy bilen şertnama 2022/23-möwsüminiň ahyryna çenli niýetlenen. Oýunçy 1-nji iýulda katalon toparyna goşular. Şertnamadan ýüz öwürmek üçin töleg 100 mln ýewro barabar.
Aguero “Barselona” erkin agent hökmünde geçdi. Maý aýynda futbolçy möwsümiň ahyrynda 2011-nji ýyldan bäri çykyş edýän iňlis “Mançester Siti” klubundan gitmekçidigini mälim etdi.
“Mançester Sitiniň” düzüminde Aguero Angliýanyň dört gezek çempiony, Angliýanyň kubogynyň ýeňijisi, üç gezek ýurduň Super kubogynyň eýesi boldy we bäş gezek Angliýanyň ligasynyň kubogyny utdy. Argentinanyň ýygyndy topary bilen bilelikde ol Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyna, dünýä çempionatynyň kümüş baýragyna eýe boldy we Amerikanyň kubogynyň iki gezek kümüş baýrakçysy boldy.

düýn 23:07
2.4k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.6k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.6k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......