Zidan «Realyň» baş tälimçisi wezipesinden aýryldy

  • 27.05.2021 17:01
  • 16k+

Zinedin Zidan «Real» futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesinden boşadyldy. Bu barada madrid klubunyň metbugat gullugy habar berdi.

Zidanyň ýolbaşçylygynda «Real» geçen möwsümde Ispaniýanyň çempionatynda ikinji orny eýeledi. Ýurduň kubogynda klub 1/32 tapgyrdan gaýtdy, Çempionlar ligasynyň ýarym finalynda «Real» iki oýnuň jemi boýunça «Çelsiden» utuldy. «Patyşalyk kluby» 2009/10 möwsümden bäri ilkinji gezek ýeke baýrak hem almady.
Fransuz hünärmeni «Reala» ikinji gezek 2019-njy ýylda tälimçi bolup gelipdi.

düýn 23:31
713

Gazagystan ilkinji gezek ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyny kabul eder

2030-njy ýylda Astana şäherinde Ýeňil atletika boýunça ýapyk binalardaky dünýä çempionaty geçiriler. Bu barada Gazagystanyň Ýeňil atletika federasiýasy habar berdi....

düýn 23:07
1.9k+

Gattuzo Italiýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden çekildi

Italiýanyň milli ýygyndysy Jennaro Gattuzonyň baş tälimçi wezipesinden gidýändigini yglan etdi. Bu karar topar 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanmak ugrundaky soňky pleý-off oýnunda......

düýn 20:48
4.8k+

Messi, Ronaldu, Mbappe we Winisius bir wideoda LEGO-nyň täze toplumynyň mahabatynda düşdüler

Futbol ýyldyzlary — Lionel Messi, Kriştianu Ronaldu, Kilian Mbappe we Winisius Žunior 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna bagyşlanan mahabat wideosyna gatnaşdylar....

düýn 19:30
1.8k+

Türkmenistanyň futbol boýunça Ýokary ligasynyň täze möwsümine badalga berilýär

2026-njy ýylyň 4-nji aprelinde futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň täze möwsümi resmi taýdan başlanýar. Nobatdaky çempionatda sekiz topar — «Arkadag», «Ahal», «Altyn Asyr», «Şagadam», «Nebitçi»,......