Fýuri bilen Uaýlder üçünji söweş barada ylalaşdylar

  • 21.05.2021 23:57
  • 11k+

WBC wersiýasy boýunça agyr agramda häzirki dünýä çempiony britaniýaly Taýson Fýuri bilen guşagyň ozalky eýesi amerikaly Deonteý Uaýlder üçünji gezek söweşerler diýip, ESPN telewizion ýaýlymy habar berýär. Muny sport-express.ru ýetirýär. Bu söweş 24-nji iýulda geçirilmeli.

Promouter Bob Arum ýakyn wagtda boksçylaryň şertnama gol çekjekdigini, şondan soň söweşiň senesiniň we geçiriljek ýeriniň resmi taýdan yglan ediljekdigini habar berdi.
Eger şertnama gol çekilse, onda Fýuriniň WBA, IBF, WBO we IBO wersiýalary boýunça dünýä çempiony Entoni Joşua bilen söweşi yza süýşüriler. Ilkibaşda ol 14-nji awgusta meýilleşdirildi.
Ýatlap geçsek, Fýuri bilen Uaýlderiň arasynda 2018-nji ýylyň dekabr aýynda geçirilen birinji söweş deňme-deňlikde tamamlandy. 2020-nji ýylyň fewral aýynda geçen ikinji söweşde Fýuri Uaýlderi nokauta gidirdi.

düýn 23:07
2.5k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.6k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.6k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......