Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazdan benzin öndürýän zawoda baryp gördi

  • 21.05.2021 15:27
  • 12k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynda gurlan tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň işi bilen tanyşdy hem-de nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen onuň ikinji nobatdakysyny gurmak boýunça pikir alyşdy.

Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň direktory döwlet Baştutanyna bu ýerde işleriň talaba laýyk ýola goýlandygy, tehnologik prosesleriň yzygiderli alnyp barylýandygy, ähli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ýokary hilli benziniň önümçiligini birsyhly artdyrmak boýunça zerur işleriň durmuşa geçirilýändigi barada hasabat berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow zawodda zähmet çekýän hünärmenler bilen gürrüňdeş bolup, bu ýerdäki zähmet şertleri, olaryň maşgala ýagdaýy, bilimi bilen gyzyklandy.
Zawodyň hünärmenleri bilen söhbetdeşligiň dowamynda benziniň hilini ýokarlandyrmak desgasynda birinji tapgyrda çig benziniň düzüminden metan we etan gazlarynyň bölünip aýrylýandygy, ikinji tapgyrda benzin ergininiň suwuklandyrylan gazy benzinden bölüji enjama gönükdirilýändigi bellenildi. Üçünji tapgyrda benzin ýörite bölüji enjama akdyrylýar hem-de ýeňil benzine we düzüminde durol bolan agyr benzine bölünýär. Bölünen ýeňil benzin ammarlara ugradylýar.
Dördünji tapgyrda durolly agyr benzin iki sany benziniň hilini ýokarlandyrýan enjamlara akdyrylýar we düzümindäki durol derejesi peseldilýär. Netijede, agyr benzin 230 kub metr bolan iki sany çelege goýberilýär. Jemi dört sany çelekdäki ýeňil we agyr benzin ýangyjy geçirijilerden akdyrylanda, akym boýunça garylyp, harytlyk benzin emele gelýär.
Benzini ýörite bölüji enjamda ýeňil we agyr benzin öndürilende ugurdaş önüm hökmünde kükürtsizlendirilen dizel ýangyjy emele gelýär.
Şeýlelikde, zawodda çykarylýan sintetiki ýangyç örän kämil ekologiýa häsiýetleri bilen tapawutlanýar – onda daşky gurşaw üçin zyýanly kükürt birleşmeleri hem, azotly organiki birleşmeler hem bolmaýar.

düýn 19:01
3.3k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

13.03.2026 23:32
6.2k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...