Russiýaly türgen 50 metr aralyga arkanlygyna ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

  • 19.05.2021 13:00
  • 8.5k+

Russiýaly suwda ýüzüji Kliment Kolesnikow 50 metr aralyga arkanlygyna ýüzmek boýunça täze dünýä rekordyny goýdy diýip, championat.com habar berýär.

Budapeştde geçirilen sportuň suw görnüşleri boýunça Ýewropa çempionatynyň ýarym finalynda Kolesnikow dünýäde ilkinji bolup 50 metr aralygy arkanlygyna 24 sekuntdan çalt ýüzüp geçdi. Onuň görkezen netijesi 23,93 sekunt boldy. Şol bir wagtyň özünde bu Ýewropa rekordy we Ýewropa çempionatynda rekorddyr. Ozalky üstünlik hem Kolesnikowa degişlidi, 2018-nji ýylda Glazgoda ol bu aralygy dogry 24 sekuntda ýüzüp geçdi. Şol wagt Kolesnikow 18 ýaşyndady, şonuň üçin 50 metr aralyga arkanlygyna ýüzmek boýunça ähli ýunior rekordlar hem oňa degişlidir.
Ýene bir russiýaly suwda ýüzüji Grigoriý Tarasewiç hem Ýewropa çempionatynyň finalyna çykdy. Ol 24,68 sekunt wagt bilen birinji ýarym finalda ikinji orny eýeledi. Kolesnikow ikinji ýüzüşde ýeňdi.

şu gün 02:45
1.9k+

Gar barsy 6-njy Bütindünýä çarwadarlar oýunlarynyň tumary boldy

Şu ýyl Gyrgyzystanda geçiriljek 6-njy Bütindünýä çarwadarlar oýunlarynyň resmi tumary yglan edildi. Ol güýjüň hormat goýmak bilen utgaşýandygyny, däp-dessurlaryň bolsa dünýä açykdygyny görkezýän gar barsy......

düýn 15:00
7.8k+

Saud Arabystanynda täze trassa “Formula 1” ýaryşlaryny howa göterer

Saud Arabystanynda täze “Formula 1” trassasy gurulýar, onuň bir bölegi takmynan 70 metr belentlikden geçer. Er-Riýaddan takmynan 45 kilometr uzaklykda ýerleşýän Qiddiya etrabynda ýerleşýän bu taslama......

düýn 11:00
5.5k+

Dýökereş özüniň goluny dabara edişini haryt nyşany hökmünde hasaba aldyrdy

Şwesiýaly hüjümçi Wiktor Dýökereş gollaryny «maska» hereketi bilen bellemek dabarasy üçin resmi haryt nyşanyny hasaba aldyrdy. Bu barada žurnalist Fabrisio Romano habar berdi....

03.04.2026 23:31
1.9k+

Gazagystan ilkinji gezek ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyny kabul eder

2030-njy ýylda Astana şäherinde Ýeňil atletika boýunça ýapyk binalardaky dünýä çempionaty geçiriler. Bu barada Gazagystanyň Ýeňil atletika federasiýasy habar berdi....