Ronaldu taryhda iň owadan awtoulagy satyn aldy

  • 19.05.2021 12:52
  • 44k+

“Ýuwentusyň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldu özüniň awtoparkynyň üstüni ýetirdi. Ýagny, habar berlişi ýaly, 10-njy maýda Ferrari-niň prezidenti Jon Elkann we “Ýuwentusyň” prezidenti Andrea Anýelli bilen bilelikde oýunçy Maranellodaky awtomobil brendiniň desgalaryna baryp gördi. Bu gezelenjiň netjesinde Ronaldu Ferrari Monza SP1 superkaryny satyn aldy diýip, matchtv.ru habar berýär.

2019-njy ýylda çykarylan bu awtoulag 50-60-njy ýyllaryň Ferrari ýaryş kabrioletleriniň stilinde ýerine ýetirilip, CarWow britan platformasy tarapyndan taryhda iň owadan awtoulag diýlip saýlandy.
SP1-iň hereketlendiriji güýji 810 at güýjüne deň, iň ýokary tizligi sagatda 300 km ýetýär. Awtoulagyň bahasy 1,6 mln ýewro bolup, ony diňe çakylyk bilen satyn almak bolýar. Mundan öň şu modelden bolan awtoulagy “Milanyň” hüjümçisi Zlatan Ibragimowiç satyn alypdy.

düýn 23:07
2.5k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.6k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.6k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......