Fergýuson UFC-de yzygider üçünji gezek ýeňlişe sezewar boldy

  • 16.05.2021 14:29
  • 22k+

Hýuston şäherinde (ABŞ, Tehas) UFC 262 turniriniň esasy söweşleriniň biri tamamlandy. Bu söweşde ýeňil agramda liganyň ozalky wagtlaýyn çempiony Toni Fergýuson bilen Beneil Dariuş duşuşdy. 

Söweş Dariuşyň ynamly agalygynda geçdi. Asly assiriýaly amerikaly söweşiji her raundda Fergýusony partere getirip, ýagdaýy ynamly dolandyrdy. 
Netijede, ähli eminler ýeňşi Dariuşa berdiler – 30:27, 30:27, 30:27.
Fergýuson yzygider üçünji gezek ýeňildi, mundan öň ol Jastin Getjiden we Çarlz Oliweýradan ýeňlipdi. Dariuş yzygider ýedinji ýeňşini gazandy. UFC 262 turnirinden öň ol ýeňil agram reýtinginde dokuzynjy orny eýeleýärdi. 

şu gün 02:45
92

Gar barsy 6-njy Bütindünýä çarwadarlar oýunlarynyň tumary boldy

Şu ýyl Gyrgyzystanda geçiriljek 6-njy Bütindünýä çarwadarlar oýunlarynyň resmi tumary yglan edildi. Ol güýjüň hormat goýmak bilen utgaşýandygyny, däp-dessurlaryň bolsa dünýä açykdygyny görkezýän gar barsy......

düýn 15:00
5.5k+

Saud Arabystanynda täze trassa “Formula 1” ýaryşlaryny howa göterer

Saud Arabystanynda täze “Formula 1” trassasy gurulýar, onuň bir bölegi takmynan 70 metr belentlikden geçer. Er-Riýaddan takmynan 45 kilometr uzaklykda ýerleşýän Qiddiya etrabynda ýerleşýän bu taslama......

düýn 11:00
4.4k+

Dýökereş özüniň goluny dabara edişini haryt nyşany hökmünde hasaba aldyrdy

Şwesiýaly hüjümçi Wiktor Dýökereş gollaryny «maska» hereketi bilen bellemek dabarasy üçin resmi haryt nyşanyny hasaba aldyrdy. Bu barada žurnalist Fabrisio Romano habar berdi....

03.04.2026 23:31
1.7k+

Gazagystan ilkinji gezek ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyny kabul eder

2030-njy ýylda Astana şäherinde Ýeňil atletika boýunça ýapyk binalardaky dünýä çempionaty geçiriler. Bu barada Gazagystanyň Ýeňil atletika federasiýasy habar berdi....