UEFA Çempionlar ligasynyň final duşuşygynyň geçjek ýerini üýtgetdi

  • 14.05.2021 09:07
  • 15k+

Çempionlar ligasynda «Mançester Siti» bilen «Çelsiniň» arasyndaky final duşuşygy Portu şäherindäki Dragau stadionynda geçiriler. Bu barada UEFA-nyň resmi saýty habar berýär.

Duşuşyk geçiriljek şäheri Türkiýäniň Stambul şäherindäki koronawirus ýagdaýy bilen baglylykda üýtgedildi. Resmi maglumatlara görä, klublaryň her birine 6000 orna çenli möçberde bilet berler.
Mundan öň, final duşuşygynyň Londondaky «Uembli» stadionynda geçirilmeginiň mümkindigi barada aýdylypdy. Emma britan hökümetiniň çäklendiriji çäreleri gowşatmakdan ýüz öwürmegi netijesinde bu mümkinçilik aradan aýyrdy.
Çempionlar ligasynyň final duşuşygy 29-yndan 30-njy maýa geçilýän gije aşgabat wagty bilen 00:00-da geçiriler. 

düýn 23:07
2.5k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.6k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.6k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......