Bitkoiniň bahasy 250 müň dollara ýetip biler - analitik

  • 12.05.2021 16:45
  • 13k+

"Morgan Creek Capital Management"-iň başlygy bitkoin häzirkisinden hem gymmatlap biler diýip çaklaýar. Bu barada cursorinfo.co.il habar berýär.

"Morgan Creek Capital Management"-iň baş direktory Mark Ýusko bitkoiniň bahasynyň ýakyn bäş ýylda 250 müň dollara çenli gymmatlap biljekdigine ynanýar. Onuň pikiriçe, köp maýadarlar esasy kripto walýutanyň mümkinçiliklerine ähmiýet bermeýärler we oňa kembaha garaýarlar.
Bitkoin aprel aýynyň ortalarynda, takmynan, 65 müň dollara çenli gymmatlandan soň, soňky hepdelerde dartgynly döwürleri başdan geçirdi. Sanly aktiwleriň häzirki gymmaty 60 müň dollardan aşak düşse-de, Mark Ýusko ol ýene gymmatlar diýip pikir edýär.
Onuň pikiriçe, aktiw diňe bir gymmatly token däl-de, has üstünlikli bir ulgamdyr. Ýusko onuň FAANG kompaniýalaryndan (Facebook, Apple, Amazon, Netflix we Google) soň taryhda iň çalt ösen trillion dollarlyk tordugyny nygtaýar.

düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

düýn 18:54
3.2k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
1.9k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
5.3k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......