Türkmenistanyň Prezidenti ekologiýa çäresiniň çäklerinde welosipedli ýörişe gatnaşdy

  • 12.05.2021 12:22
  • 24k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa çäresine gatnaşyp, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynyň 140 ýyllygyna gabatlanylan köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa we sport çäresine badalga berip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýew bilen bilelikde, ýurdumyzyň baş şäheriniň giň, owadan ýollaryndan geçýän ugur boýunça ýola düşdi.
Welosipedli ýörişiň ugry boýunça Bitaraplyk binasynyň golaýyndaky çatrykda bu çärä Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary goşuldylar.

Soňra welosipedli ýörişe Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary we Halk Maslahatynyň agzalary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary goşuldylar.
 Ýolugrunda sport çäresine köp sanly gatnaşyjylar, şol sanda talyp ýaşlar, şäher jemgyýetçiliginiň, ýaş nesliň wekilleri goşuldylar. Welosipedli ýörişe Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler hem ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

düýn 23:07
2.5k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.6k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.6k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......