Fýuri — Joşua tutluşygy 14-nji awgusta meýilleşdirilýär

  • 11.05.2021 14:47
  • 7.6k+

WBC boýunça agyr agramda dünýä çempiony Taýson Fýuri we WBA, IBF, WBO we IBO boýunça birnäçe guşagyň eýesi Entoni Joşua 14-nji awgustda Saud Arabystanynda söweşer. Bu barada mma.metaratings.ru habar berdi.

“Köp sanly çeşmeler Entoni Joşua bilen Taýson Fýuriniň Saud Arabystanynda 14-nji awgustda duşuşmagynyň ähtimaldygyny habar berýär. Söweş indiki hepde resmi taýdan yglan ediler"-diýip, žurnalist Maýkl Benson Twitterde ýazdy.

Fýuri iň soňky gezek 2020-nji ýylyň fewral aýynda ringe girip, Deonteý Uaýlderi nokaut bilen ýeňipdi. Onuň hasabynda 30 ýeňiş bar we ýekeje-de ýeňliş ýok. Ol diňe bir söweşi deňlikde tamamlady.
Joşua bolsa soňky söweşini 2020-nji ýylyň dekabrynda geçirdi we dokuzynjy raundda nokaut bilen Kubrat Pulewi ýeňdi. Onda 24 ýeňiş we bir ýeňliş bar.

düýn 23:07
2.5k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.6k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.6k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......