Türkmenistanyň we HHR-iň Baştutanlary telefon arkaly söhbetdeş boldular

  • 07.05.2021 14:21
  • 6.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin telefon arkaly söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän köpugurly türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, halkara we sebit gün tertibiniň käbir meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk ulgamlary, dokma we himiýa senagaty hem-de beýleki köp sanly ulgamlar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Nebitgaz ulgamy ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Dostlukly döwletleriň Baştutanlary netijeli hyzmatdaşlygyň geljeginiň uludygyny tassyklap, ýokary we hökümetara derejedäki yzygiderli gepleşikleriň gadymy dostlugyň binýadyna esaslanýan köpugurly türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönüden-göni ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Dünýäni gurşap alan koronawirus ýokanjyna garşy göreşmekde halkara hyzmatdaşlyk ara alyp maslahatlaşmalaryň möhüm meseleleriniň biri boldy. Taraplar bu ugurda ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegi hem-de pandemiýa garşy durmakda toplanan tejribäni alyşmagy göz öňünde tutýandyklaryny tassykladylar. Umumy pikire görä, diňe bilelikdäki tagallalardyr utgaşykly hereketler netijesinde, bu ählumumy howpa garşy oňyn netijeleri gazanmak mümkindir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany HHR-iň Başlygyna saglygy goraýyş ulgamynda işjeň hyzmatdaşlyk üçin minnetdarlyk bildirdi.

düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

düýn 18:54
3.2k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
1.9k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
5.3k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......