Beýik Britaniýa abraýly baýraklaryň eýelerine ýurda girişi ýeňilleşdirdi

  • 06.05.2021 18:39
  • 5.4k+

Beýik Britaniýanyň hökümeti abraýly baýraklara mynasyp bolan alymlara, suratkeşlere, aktýorlara we sazandalara 5-nji maýdan iş wizasyny almagy ýeňilleşdirýär. Bu barada PA habarlar agentligine salgylanyp, TASS habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, bu ädim dünýäniň çar künjeginden «iň gowy we zehinli» adamlary Birleşen Korollyga çekmäge gönükdirilen immigrasiýa ulgamyndaky üýtgeşmäniň bir bölegidir.
Ýeňilleşdirilen maksatnama boýunça Birleşen Patyşalykda ýaşamak we işlemek üçin wizany «Oskar», «Toni», «Grammy» baýraklarynyň ýeňijileri, Nobel baýragynyň we BRIT Awards-yň eýeleri, şeýle-de tans, moda, binagärlik we jemgyýetçilik ylymlary pudagynda käbir baýraklara mynasyp bolanlar alyp biler.

«Bu baýraklaryň eýeleri karýerasynyň ýokary derejesine çykdylar we olar Beýik Britaniýa köp zat hödürläp bilerler. Nireden gelenleriniň däl-de, başarnyklarynyň we zehinleriniň esasynda iň gowy hünärmenleri çekmek – ine, biziň ballara esaslanýan täze immigrasiýa ulgamymyz hut şunuň üçin işlenip düzülendir» — diýip, Beýik Britaniýanyň Içeri işler ministri Priti Patel belledi.

2020-nji ýylda işe girizilen we ýurtda işlemek hem-de okamak üçin ballara esaslanýan wiza bermek ulgamy ýokary hünärli işçileri goldaýar. Wiza almak üçin hünär başarnyklary, iňlis dilini bilmegi we maliýe ýagdaýy göz öňünde tutulýar.

düýn 23:46
461

Mähri Bäşimowa ÝB-niň ilçisi bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

8-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Beata Peksa bilen duşuşdy....

düýn 19:49
4.4k+

Russiýanyň ilçisi Putiniň we Mişustiniň Türkmenistana amala aşyrjak saparlary barada habar berdi

2026-njy ýylda Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada Russiýanyň ilçisi Iwan Wolynkin «Neýtralnyý Turkmenistan»......

düýn 12:01
1.9k+

Serdar Berdimuhamedow Wýetnamyň saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary To Lama Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli......

düýn 11:48
3k+

Eurostat ÝB ýurtlarynyň durmuş derejesiniň düýpli tapawutlanýandygyny görkezdi

2025-nji ýylyň maglumatlaryna görä, ÝB ýurtlarynyň arasynda ilat başyna düşýän girdeji we durmuş derejesi boýunça düýpli parhlanýar. Eurostat-yň barlagynda bahalaryň arasyndaky tapawutlar hem hasaba alyndy....