«Sputnik V» sanjymy tutuş bir ýurdy ilkinji gezek koronawirusdan halas etdi

  • 05.05.2021 14:06
  • 21k+

Russiýanyň koronawirusa garşy sanjymy «Sputnik V» Ýewropa döwletleriniň birini howply kesel epidemiýasyndan halas etmegi başardy diýip, discover24.ru habar berýär.

Gürrüň Ýewropanyň kiçi döwleti bolan San-Marino barada gidýär, bu döwletiň 30 müňden gowrak ýaşaýjysy bar. Ol ýerde soňky birnäçe hepdäniň dowamynda kesel görkezijisi tas 10 esse azaldy. Häkimiýetler RF-niň sanjymyny ulanyp, köpçülikleýin sanjym kampaniýasyny geçirmek bilen şeýle netijäni gazanmagy başardylar.
San-Marino Ýewropa bileleşigine girmeýän, Italiýanyň merkezindäki kiçiräk bir döwlet. Ilkibaşda San-Marino günbatar sanjymlaryny, ýagny diňe Pfizer sanjymyny däl, hatda ýönekeý we arzan bolan AstraZeneca sanjymyny hem alyp bilmedi. Şeýlelikde, San-Marinonyň hiç hili sanjymy bolmadyk ýeke-täk ýewropa döwleti bolup galandygy baradaky netijä gelmek bolýar. Ahyrynda, San-Marino kömek sorap Russiýa Federasiýasyna ýüz tutdy.
Derman serişdesi bu ýurda şu ýylyň fewral aýynda iberilip başlandy. Tiz wagtdan lukmanlar tutuş ilata sanjym etmek üçin zerur mukdarda dozany aldylar. San-Marinonyň Saglygy goraýyş ministrligi ýurtda koronawirus ýokanjyna garşy populýasion immunitetiň emele gelendigini belledi.

düýn 07:29
2.7k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.6k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
5.1k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......