«Barselona» Neýmaryň transferi bilen bagly «PSŽ-a» ýüz tutdy

  • 05.05.2021 13:50
  • 13k+

“Barselona” braziliýaly oýunçy Neýmaryň transferini amala aşyrmak üçin “Pari Sen-Žermen” bilen habarlaşdy. Bu barada RAC1 radioulgamyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.

Neýmaryň geçmegi oýunçynyň derejesi, transferiň kluba kommersiýa täsiri sebäpli, “Barselonanyň” prezidenti Žoan Laportanyň esasy maksady bolup durýar. “Barselona” eýýäm oýunçy bilen gürleşdi we ol kluba dolanmak isleginiň bardygyny aýtdy.
“PSŽ” bilen ilkinji gepleşikler netije bermedi, fransuz kluby Neýmary satmak islemeýär, ýöne kataloniýalylar olar bilen gepleşigi dowam etdirerler. Iki ýyl ozal “Barselona” oýunçyny 140 mln ýewro satyn almakçy boldy.
Neýmar “Barselonadan” “PSŽ-a” 2017-nji ýylda 222 mln ýewro geçdi. Häzirki möwsümde 29 ýaşly braziliýaly hüjümçi Fransiýanyň liga 1-inde 15 oýna gatnaşdy, 7 gol girizip, 4 gezek ýardam pasyny berdi. Neýmaryň pariž kluby bilen häzirki şertnamasy 2022-nji ýylyň tomsuna çenli niýetlenen.

düýn 23:07
2.5k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.6k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.6k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......