Kriştianu Ronaldu möwsümiň ahyrynda «Ýuwentusdan» gitmek kararyna geldi

  • 03.05.2021 18:57
  • 17k+

Turiniň «Ýuwentusynyň» futbolçysy Kriştianu Ronaldu agenti Žorže Mendeş bilen duşuşyp, geljekki meýilnamalary maslahatlaşdy. Bu barada prostoprosport.ru belleýär.

«Footbal Italia» neşiriniň habar bermegine görä, hüjümçi menejerden özüne täze topar tapmagy haýyş etdi. Ronaldunyň «Ýuwentusyň» Çempionlar ligasyndaky çykyşyndan nägile bolandygy bellenilýär.
Öň italýan klubunyň maliýe kynçylyklary sebäpli oýunçy bilen hoşlaşmakçy bolýandygy we ony 60 mln ýewro satmaga taýýardygy habar berildi. Gürrüňlere görä, bu ýagdaýy «Mançester Ýunaýted» bilen «PSŽ» göz astyna alýar.
Ýatlap geçsek, Ronaldu «Ýuwentusda» 2018-nji ýylyň tomsundan bäri oýnaýar. Häzirki möwsümde ol 39 oýna gatnaşdy, 32 gezek gol girizdi we dört gezek netijeli geçirim etdi. Onuň şertnamasy 2022-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket edýär.

düýn 20:41
1k+

Ýannik Sinner we Arina Sobolenko Maýamidäki ýaryşyň ýeňijileri boldy

Dünýäniň ikinji raketkasy italiýaly Ýannik Sinner ABŞ-nyň Maýami şäherinde geçirilen «Masters» ýaryşynyň finalynda çehiýaly Irži Legeçkany utdy. Ýaryşyň baýrak gaznasy 9,4 million dollardan geçýär....

düýn 20:33
4.1k+

«Barselona» Rafinýanyň şikesi üçin FIFA-dan 140 müň ýewrodan gowrak öwez tölegini alar

«Barselona» hüjümçisi Rafinýanyň Braziliýanyň milli ýygyndysynyň Fransiýa garşy geçiren duşuşygynda (1:2) alan şikesi üçin FIFA-dan öwez tölegi berler....

düýn 13:18
5.7k+

Ähli zat Bangkokda çözüler: Türkmenistan we Tailand Aziýa Kubogy üçin ýollama ugrunda göreşer

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy — 2027-niň saýlama ýaryşynyň «D» toparçasynyň oýnunda Tailand bilen duşuşmaga taýýarlanýar. Garşydaşlar bu aýgytlaýjy duşuşyga deň netije bilen — bäş......

düýn 10:58
2.5k+

«Tottenhem» bir ýylyň içinde eýýäm üçünji tälimçisini işden boşatdy

Londonynyň «Tottenhem Hotspur» futbol kluby baş tälimçi Igor Tudoryň wezipesinden gidýändigini yglan etdi. Bu baradaky habar klubuň X sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda çap edildi....