Türkmenistanyň Salgyt kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler giriziler

  • 01.05.2021 16:13
  • 32k+

Anna güni geçirilen Hökümetiň mejlisiniň barşynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Türkmenistanyň Salgyt kodeksine goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmek hakynda teklip hödürlenildi.

Mejlisiň barşynda wise-premýer G.Müşşikow býujet-salgyt ulgamynyň işini halkara tejribelere laýyklykda kämilleşdirmek, maliýe hasabatlylygynyň milli we halkara standartlaryny ýurdumyzda ornaşdyrmak hem-de salgytlardyr hökmany tölegler boýunça kanunçylyk namalaryny döwrebaplaşdyrmakda yzygiderli durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, hususan-da, «Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 10-njy fewralyndaky degişli Kararyny seljermegiň we olary amala aşyrmagyň netijeleri barada habar berdi. Geçirilen işleriň jemleri boýunça türkmen Lideriniň garamagyna Türkmenistanyň Salgyt kodeksine goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmek hakynda teklip hödürlenildi.
Salgyt maksatlary üçin esasy serişdelere hasaplanýan ulanyş tutumlarynyň anyk möçberleriniň bellenilmegi edara-kärhanalarda çykdajylaryň we peýdanyň ýoýulmazlygyna, şunuň bilen birlikde, salgyt özeniniň artmagyna mümkinçilikleri döreder.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, degişli düzümler bilen bu ugurda bilelikde işleri dowam etmegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

düýn 18:54
3.2k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
1.9k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
5.3k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......