Toyota awtomobil satuwy boýunça dünýä rekordyny täzeledi

  • 01.05.2021 13:17
  • 14k+

Ýaponiýanyň Toyota kompaniýasy mart aýynda tutuş dünýäde 982 912 awtoulag satdy, bu 2020-nji ýylyň mart aýy bilen deňeşdirilende, 44,2% köpdür. Şeýlelik bilen, kompaniýa dünýäniň ähli awtoulag öndürijileriniň arasynda aýlyk satuw rekordyny goýdy. Muny kompaniýa tarapyndan neşir edilen maglumatlar delillendirýär diýip, TASS habar berýär.

Kompaniýanyň dünýä satuwy yzygider ýedinji aý ýokarlanýar. Kompaniýa mart aýynda 843 393 awtomobil öndürdi, bu 2020-nji ýylyň mart aýyna garanda, 31,6% köpdür. Şonda pandemiýa global awtoöndürijilerini zawodlarynda önümçiligi togtatmaga mejbur edipdi.
Toyota awtomobilleriniň dünýä satuwy birinji çärýekde, esasan, ABŞ-da we Hytaýda islegiň artmagy bilen 19,1% ýokarlandy. Şol bir wagtyň özünde Toyota-nyň dünýä satuwy koronawirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji maliýe ýylynda (2021-nji ýylyň 31-nji martynda tamamlandy) 4%, ýagny 9,09 mln awtomobile çenli, awtomobilleriň önümçiligi bolsa 6,4%, ýagny 8,18 mln awtomobile çenli azaldy.

düýn 14:38
3.5k+

Sowadyjyly we massaž edýän hytaý miniwenine iki günde 8 müňden gowrak sargyt gelip gowuşdy

Hytaýyň awtoulag öndüriji Arcfox kompaniýasy öňünden sargytlar açylandan soňky ilkinji 48 sagadyň dowamynda Wendao V9 miniweni üçin 8 müňden gowrak sargyt alandygyny mälim etdi. ...

düýn 11:11
3.1k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....

düýn 07:27
4.5k+

BMW adaty 220 adamlyk uçary lýuks «myhmanhana» öwürdi

BMW awtomobil dizaýnynyň çäginden çykyp, indi awiasiýa pudagynda lýuks ülňülerini ornaşdyrmaga girişýär: kompaniýanyň BMW Designworks bölümi Lufthansa Technik bilen bilelikde «The BOW» konseptini – uçar......

13.05.2026 23:24
2.5k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......