Türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleri maslahatlaşyldy

  • 01.05.2021 06:33
  • 11k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Söhbetdeşligiň başynda dostlukly ýurduň Baştutany döwlet Baştutanymyza kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly, çuňňur gynanç bildirip, tüýs ýürekden duýgudaşlyk sözlerini ýene-de bir gezek beýan etdi.
Söhbetdeşler telefon arkaly gürrüňdeşligiň dowamynda özara bähbitlilik we uzakmöhletleýinlik esasda ýola goýulýan türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygynyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar döwletara gatnaşyklarynyň häzirki derejesine kanagatlanma bildirip, ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Iki dostlukly ýurduň Liderleri pursatdan peýdalanyp, bütin musulman dünýäsi üçin mukaddes bolan Oraza aýy mynasybetli ýene-de bir gezek birek-birege gutlaglaryny we iň oňat arzuwlaryny aýtdylar.

düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

düýn 18:54
3.2k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
1.9k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
5.3k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......